OPEK+ nebit önümçiligini bir günde 400 müň barrel ýokarlandyrar

  • 04.02.2022 10:19
  • 2.4k+

OPEC+ ýurtlary, garaşylyşy ýaly, mart aýynda nebit önümçiligini meýilnama boýunça bir günde 400 müň barrel ýokarlandyrar. Bu barada çarşenbe güni geçirilen mejlisden soň bileleşigiň resmi beýanatynda aýdylýar.

“OPEK we kooperasiýa Jarnamasyna gatnaşýan OPEK däl ýurtlar ONOMM-yň (OPEK+ birleşiginiň) 19-njy mejlisinde tassyklanylan aýlyk önümçiligi düzetmegiň meýilnamasyny we 2022-nji ýylyň mart aýynda umumy nebit önümçiligini bir günde 0,4 mln barrel ýokarlandyrmak çözgüdini tassyklamak kararyna geldiler” – diýlip, resminamada bellenilýär. 

Çarşenbe güni irden bu karar barada RIA Nowosti-niň birleşikdäki çeşmeleri habar berdi. Şeýle-de, OPEK+ indiki mejlisi 2-nji martda geçirmegi meýilleşdirýändigini nygtady.  


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......