Aston Martin dünýäde iň kuwwatly we çalt krossoweri hödürledi

  • 06.02.2022 01:29
  • 6.5k+

Aston Martin öndürijisi DBX krossoweriniň täze görnüşini hödürläp, ony “dünýädäki iň kuwwatly lýuks SUV” diýip atlandyrdy. Awtomobil hereketlendirijiniň güýjüni görkezýän DBX707 adyna eýe boldy. 

Aston Martin DBX707 britaniýaly hünärmenler tarapyndan doly işlenen AMG tarapyndan öndürilen iki turbinaly 4,0 litrlik V8 motory bilen üpjün edildi. Enjam 707 at güýjüni we 900 Nm güýç pursatyny berýär, bu adaty DBX motoryna garanyňda, 157 güýç we 200 Nm köpdür. 

Aston Martin DBX707-niň dokuz derejeli robotizasiýalaşdyrylan herekete geçiriji guty, doly herekete getiriji we awtomatik gulplanýan differensial bilen bilelikde işleýän motory awtomobile 3,2 sekuntda ilkinji “ýüze” çenli tizligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Krossoweriň iň ýokary tizligi sagatda 310 km bolup, bu ony dünýädäki iň çalt tapgyrlaýyn krossowere öwürýär. Deňeşdirmek üçin bellesek, öňki rekord eýesi Bentley Bentayga Speed-iň iň ýokary tizligi sagatda 306 km barabardy.

Aston Martin DBX707 kämilleşdirilen şassini hem aldy. Inženerler adaptiw üç derejeli pnewmatik asgyjy üýtgedip, has berk pružinalary we amortizatorlary ulandylar, rul bilen dolandyryşy kämilleşdirdiler, şeýle-de elektron kömekçi ulgamlaryň gurluşyny üýtgetdiler. DBX707 öň we yzky 420 we 390 mm diskler bilen has öndürijilikli karbon-keramiki tormoz mehanizmlerine eýe boldy. 

Onuň daşky görnüşi barada aýdylanda, ol adaty DBX-den ulaldylan radiator gözenegi, beýleki howa alyjylary, şeýle-de splitteri we yzky diffuzory bilen tapawutlanýar. Salonda birneme üýtgedilen öň paneli we 16 ugurda elektrik sazlaýjylary bilen sport oturgyçlary peýda boldy. 

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....