“Türkiýäniň talyp haklary” maksatnamasy boýunça arzalary kabul edişlik dowam edýär

  • 03.02.2022 09:28
  • 11k+

Türkiýäniň hökümet maksatnamasynyň çäginde 2022-nji ýylda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin arzalar kabul edilýär. Kabul edişlik 2022-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli dowam eder. Turkiye Burslari (“Türkiýäniň talyp haklary”) stipendial maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýän daşary ýurtlular tabşyryp bilýärler.

Maksatnamanyň çäklerinde bakalawriata, magistratura we doktorantura girmek bolýar.
“Türkiýäniň talyp haky” diňe bir talyplary aýlyk talyp haklary bilen üpjün etmän, eýsem talyplary ÝOM-ine kabul edýän maksatnamadyr. Aýlyk talyp hakyndan daşary bir gezeklik uçar petegi, uniwersitet tölegi, umumy saglyk ätiýaçlandyryşy, umumy ýaşaýyş jaýy, şeýle-de türk dili okuwy bilen üpjün edilýär. 


13.10.2025 16:13
13k+

Magtymguly adyndaky TDU Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen täze Ähtnamalara gol çekişdi

10-njy oktýabrda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkiýäniň birnäçe ýokary okuw mekdepleri bilen ylalaşyklary baglaşdy...

09.04.2025 13:22
3.6k+

Türkiýäniň YTB edarasynyň başlygy Abdullah Eren Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

8-nji aprelde Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada saparynyň çäklerinde birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde duşuşyklary...

09.04.2025 11:21
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Türkiýäniň YTB edarasynyň başlygy bilen duşuşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň (YTB) başlygy Abdullah Ereniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň...

26.02.2025 17:05
6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Ankarada türkiýeli kärdeşleri bilen duşuşdy

24-25-nji fewralda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk...