Daimler konserni adyny Mercedes-Benz Group-a öwürdi

  • 03.02.2022 09:19
  • 6.6k+

Germaniýanyň Daimler AG awtokonserni 1-nji fewralda resmi taýdan Mercedes-Benz Group AG diýlip atlandyryldy, kompaniýanyň birža nyşany hem üýtgäp, öňki “DAI” indi “MBG” boldy. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat gullugy habar berýär.

Konserniň ýolbaşçylygy geçen ýylyň başynda uly göwrümli üýtgeşmeler barada habar berdi. Dekabr aýynda ýük awtoulaglaryny we awtobuslary çykarmak bilen meşgullanjak aýratyn täze Daimler Truck AG kompaniýasy döredildi. Indi bolsa ýolagçy awtoulaglaryny, şeýle-de ýeňil söwda awtoulaglaryny öndürmek üçin özbaşdak ganat Mercedes-Benz Group AG-niň dörändigi habar berildi. 

Öňküsi ýaly kompaniýa esasy dört ugry ösdürer. Mercedes-Benz ady bilen umumy modeller hatary, Mercedes-AMG brendi bilen olaryň sport görnüşleri, Mercedes-Maybach we Mercedes-EQ brendleri bilen lýuks awtoulaglar hem-de elektromobiller çykarylar.

Mercedes-Benz Group AG-niň ýolbaşçysy Ola Kalleniusyň aýtmagyna görä, kompaniýa geljekde zyýanly zyňyndylary atmosfera goýbermeýän awtoulaglaryň önümçiligine üns berer. Kompaniýanyň iň soňky awtoulagy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda görkezilen EQXX synag elektromobili boldy. 

Konsept-kar peýdaly hereket koeffisiýenti 95%-e barabar bolan 204 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi we 100 kilowatt-sagatlyk batareýa bilen üpjün edildi. Akkumulýator ätiýaçlygy üçekde gurnalan gün panelleriniň kömegi bilen hem doldurylýar. Awtomobil goşmaça zarýad bermezden 1000 km çenli aralygy geçip bilýär. Deňeşdirmek üçin bellesek, Mercedes EQS flagman modeliniň batareýa ätiýaçlygy goşmaça zarýad bermezden 400-660 km aralyga ýeterlikdir.

düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....