Hytaýyň ýaşaýjylary gök suw barsynyň Täze ýylyny garşy aldylar

  • 02.02.2022 09:05
  • 4.2k+

Hytaýyň ýaşaýjylary duşenbe gününden sişenbe gününe geçilýän gijede gök suw barsynyň howandarlygynda geçjek Aý senenamasy boýunça Täze ýylyň başlanmagyny baýram edip bellediler. Koronawirusyň ýaýrama töwekgelçiligini azaltmak maksady bilen HHR-iň häkimiýetleri raýatlara bassyr üçünji ýyl ýurtda gezelenç etmekden we köpçülikleýin gezelençlerden saklanmagy maslahat berdiler. Bu barada TASS habar berýär.

Hytaýlylaryň köpüsi Täze ýyly ýa-da özleriniň atlandyryşy ýaly Çunszeni (Bahar baýramy) öýde maşgalalary bilen bellemegi makul bildiler. Baýramçylygyň öňüsyrasynda esasy güýmenjeleriň biri Merkezi telewideniýe boýunça ýaýlyma berlen “Çunwan” baýramçylyk gala-konserti boldy. 

Şu ýylyň howandary – güýjüň we gaýduwsyzlygyň nyşany. Hytaýyň HBS-niň ýazmagyna görä, ol öküz we geçi ýylynda doglanlar üçin haýyrly bolar – 2022-nji ýylda şowlulyk olaryň tarapynda bolar. Aždarha, towşan, at we horaz ýylynda doglanlara maliýe işlerinde üstünlik garaşýar. Galan ýyllarda doglanlar bolsa maksatlaryna ýetmek üçin birneme zähmet çekmeli bolarlar.

Bu ýyl Hytaýda baýramçylyk günleri 31-nji ýanwardan 6-njy fewrala çenli dowam eder. Däp boýunça, Aý senenamasy boýunça Täze ýylyň ilkinji gününden ýurtda ybadathana dabaralary – dürli ýadygärlik sowgatlaryny, agaç, mata, plastmassa oýunjaklaryny, çagalar üçin örtükleri satyn alyp boljak ýarmarkalar geçiriler. Şeýle-de bolsa, pandemiýa sebäpli bassyr üçünji ýyl köpçülikleýin çäreler ýatyryldy.


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....