Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy ýyldyrymyň dowamlylyk we uzynlyk rekordyny hasaba aldy

  • 02.02.2022 09:06
  • 13k+

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy (BMG) iki sany täze dünýä rekordyny – ýyldyrym çakmasynyň iň ýokary uzynlygyny we iň ýokary dowamlylygyny hasaba aldy. Bu barada BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

BMG-niň adatdan daşary howa we klimat hadysalary boýunça komiteti iň täze hemra tehnologiýalarynyň kömegi bilen 2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde ABŞ-nyň günorta sebitlerinde keseligine 768 km plýus-minus 8 km aralygy gurşap alan ýyldyrymy iň uzyn ýyldyrym diýip ykrar etdi. Bu öňki rekorddan – 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Braziliýada çakan ýyldyrymdan 60 km geçýär. Ýyldyrym ýalpyldysynyň dowamlylygy barada aýdylanda, indi dünýä rekordy 2020-nji ýylyň 18-nji iýunynda Urugwaýda we Argentinanyň demirgazyk sebitlerinde hasaba alnan ýyldyryma degişli: ýyldyrym ýalpyldysy 17,102 sekunt plýus-minus 0,002 sekunt dowam etdi. Häzire çenli rekord diýlip 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Argentinada tupan wagty hasaba alnan 16,73 sekunt görkeziji hasaplanylypdy.

BMG tarapyndan iki sany täze rekordyň hasaba alynmagy bilen baglylykda guramanyň baş sekretary Petteri Taalas “ýyldyrymyň uly howp bolup, her ýyl köp sanly adam ölümine sebäp bolýandygyny” belledi. BMG 1975-nji ýylda Zimbabwede bir külbä göni ýyldyrymyň çakmagy netijesinde ol ýerdäki 21 adamyň ölendigini ýatlap geçdi. BMG-niň arhiwinde ýyldyrym çakmasynyň gytaklaýyn netijeleri boýunça iň agyry hökmünde 1994-nji ýylda Müsüriň Dronka ilat nokadynda bolan betbagtçylyk hasaba alyndy, şonda nebit ammarynyň ýanmagy netijesinde 469 adam aradan çykdy.  


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....