Kilian Mbappe «Realyň» iň ýokary hak alýan oýunçysy bolar

  • 01.02.2022 12:45
  • 16k+

Madridiň “Realy” 2022-nji ýylyň tomsunda “Pari Sen-Žermeniň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe bilen şertnama baglaşmak barada ylalaşdy diýip, “Bild” habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Gazetiň maglumatlaryna görä, fransiýaly oýunçy ýylda 50 mln ýewro gazanyp, dünýäniň iň ýokary hak alýan oýunçysy bolar.
Şeýle-de, Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň “Real” bilen “PSŽ-niň” arasyndaky iki oýunly duşuşygy tamamlanýança, bu mesele bilen bagly resmi bildirişiň bolmajakdygy bellenildi. “Bild” fransuz klubunyň Mbappe bilen şu ýylyň iýun aýynda tamamlanýan şertnamanyň möhletini uzaltmakdan eýýäm ýüz öwrendigini hem habar berýär.
Şu möwsümde Mbappe Fransiýanyň çempionatynda 20 oýna gatnaşyp, 10 gol geçirdi we 9 netijeli geçirim etdi.


düýn 13:51
9.1k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......