Pekindäki Olimpiýa oýunlaryny guramak üçin çykdajylaryň möçberi belli boldy

  • 01.02.2022 12:42
  • 8.8k+

Hytaýyň döwlet kompaniýasy CGTN 2022-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin çykdajylaryň 3,9 mlrd dollara barabar boljakdygyny habar berdi. Bu 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bahasyndan birnäçe esse azdyr, ýagny bu Oýunlar şol wagtyň bahalarynda 43 mlrd dollara ýa-da şu günki bahalarda 53 mlrd dollara düşüpdi (Oýunlar üçin meýdançalaryň we şäher infrastrukturasynyň gurluşygyny göz öňünde tutup). Hytaýyň geçenki Olimpiada üçin gönüden-göni sport bilen baglanyşykly çykdajylary 6,8 mlrd dollar (2015-nji ýylyň bahasynda) bilen bahalandyrylypdy diýlip, oksfordly ykdysatçylaryň gözleg işlerinde aýdylýar. Muny rbc.ru ýetirýär.

Belli bolşy ýaly, Olimpiýa oýunlaryny guramak üçin hakyky çykdajylar ilkibaşda aýdylanyndan azyndan iki esse köp bolýar. Halkara işler boýunça amerikan geňeşiniň maglumatlaryna görä, Olimpiadanyň bahasy boýunça rekord Soçi şäherine degişli (2014-nji ýyl) – şu günki dollarda takmynan, 60 mlrd dollar (Oýunlar üçin sport bilen gönüden-göni baglanyşykly bolmadyk infrastrukturanyň gurluşygyny göz öňünde tutup). Oksfordyň gözlegçileri ýollar, myhmanhanalar, howa menzilleri we ş.m üçin maýa goýumlary hasaba almazdan, sport bilen baglanyşykly çykdajylar boýunça rekordy hem Soçi şäherine berýärler (2015-nji ýylyň bahalarynda $21,8 mlrd).

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK), adatça, Oýunlary guramak üçin çykdajylaryň bir bölegini maliýeleşdirýär. HOK Olimpiada-2022-niň guramaçylyk komitetine 880 mln dollar bölüp berdi, bu 3,9 mlrd dollar möçberindäki resmi býujetiň bir bölegidir. Halkara Olimpiýa Komitetine bölekleýin maliýeleşdirmäge ýaýlym hukuklaryny satmakdan we global hemaýatkärlerden alynýan girdejiler mümkinçilik berýär. 


15.03.2026 19:17
2.2k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi...

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.7k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...

23.02.2026 02:06
4.4k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...