Eýranda awtomobil önümçiligi 10 aýda 4,1% ýokarlandy

  • 31.01.2022 12:49
  • 11k+
Eýranda awtomobil önümçiligi 10 aýda 4,1% ýokarlandy

Eýranda häzirki Eýran senenama ýylynyň (21-nji martda başlandy) 10 aýynda awtomobil önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,1% ýokarlandy. Bu barada Yslam Respublikasynyň habarlar agentligine salgylanyp, Trend habar berýär.

Gymmatly kagyzlar we biržalar guramasy tarapyndan Codal.ir sahypasynda neşir edilen maglumatlara görä, Eýranyň iň uly awtoulag öndürijileri Iran Khodro (IKCO), SAIPA we Pars Khodro 10 aýda 760 527 awtomobil öndürdi (geçen ýylyň ilkinji 10 aýynda bu görkeziji 730 477 awtomobil boldy).
Eýranyň iň uly awtomobil öndürijisi IKCO-nyň paýyna 381 321 awtomobil düşdi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,74% azdyr.
Mundan başga-da, SAIPA awtomobil öndürijisi hasabat döwründe 279 055 awtomobil çykardy, bu bolsa geçen ýyldaky görkezijiden (261 728 awtomobil) 6,6% köpdür. 


13.02.2024 23:50
8k+

Iran Khodro täze Reera krossowerini öndürip başlady

Eýranyň «Iran Khodro» (IKCO) kompaniýasy Tährandaky zawodynda täze «Reera» krossowerlerini öndürip başlady. Bu barada gazeta.ru «Akharin Khodro» salgylanyp habar berýär. Awtoulagyň uzynlygy 4334 mm. Täze önüm «Peugeot...

02.05.2023 14:18
12k+

Eýran maý aýynyň ortalarynda ilkinji elektrik ulagyny çykarar

Eýranyň Standartlaşdyrma boýunça milli guramasynyň baş direktory Mehdi Eslampanah maý aýynyň ortalaryna çenli ilkinji ýerli elektroulagyň tanyşdyryljakdygyny habar berdi diýip, IRNA habar berýär. «Prezidentiň görkezmesinden...

19.03.2022 17:39
13k+

Eýran bahasy 10,5 müň dollar durýan öz elektromobillerini çykaryp başlady

Eýranyň KSJ Motors kompaniýasy Oxygen ady bilen öz işläp taýýarlan, bahasy 10 müň dollarlyk elektromobillerini tanyşdyrmaga çykardy. Eýranyň söwda palatasynyň saýty: «Yzygiderli çykarmaklyga maý aýynda girişiler»...

14.03.2022 13:56
8.1k+

Eýranda ilkinji elektrobus ulanyşa goýberildi

Ýekşenbe güni Eýranyň iň iri "Iran Hodro" awtomobil gurluşyk kompaniýasy öz öndüren ilkinji elektrik awtobusyny ulanyşa goýberdi. Elektrobus soňky 16 aýyň dowamynda "Iran Hodro" kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan...