Özbegistanyň hemişelik ilatynyň sany 35 milliondan gowrak adam boldy

  • 31.01.2022 12:47
  • 6.2k+

Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýagdaýa görä, Özbegistan Respublikasynyň hemişelik ilatynyň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 712,4 müň adam ýa-da 2,1% köpelip, 35 271,3 müň adama barabar boldy. Şoňa laýyklykda, aýallaryň sany 346,6 müň adam ýa-da 2,0%, erkekleriň sany 365,7 müň adam ýa-da 2,1% artdy. Bu barada www.uzdaily.uz habar berýär.

BMG-niň Ilat gaznasynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda dünýä ilatynyň umumy sany 7,875 mlrd adama barabar. Özbegistan Respublikasy ilat sany boýunça 43-nji orny eýeleýär.
Özbegistanda 2021-nji ýylda doglan çagalaryň sany 63,4 müň adam ýa-da 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5% ýokarlandy, ýogalanlaryň sany  1,1 müň adam ýa-da 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 0,6% azaldy.
Hasaba alnan nikalaryň sany 8,3 müň adam ýa-da 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,8% ýokarlandy, aýrylyşýanlaryň sany hem 11,0 müň adam ýa-da 39,0% artdy.
2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýagdaýa görä, respublikanyň hemişelik ilatynyň sanyny zähmete ukyply ýaşdan kiçi çagalar – 31,2%, zähmete ukyply ýaşdakylar – 57,6% we zähmete ukyply ýaşdan uly adamlar – 11,2% emele getirdi.
2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýagdaýa görä, Özbegistan Respublikasynyň ilatynyň sany bir inedördül kilometre 78,6 adam boldy. Bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,6 adam köpdür (2021-nji ýylyň başynda 1 inedördül kilometre 77,0 adam).


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

03.06.2026 23:15
3.9k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....