Ermenistanyň häkimlik ediji partiýasy prezidentlige dalaşgärini hödürledi

  • 31.01.2022 00:40
  • 5.2k+

Ermenistanyň häkimlik ediji «Raýatlyk şertnamasy» partiýasy Respublikanyň Prezidenti wezipesine Ýokary tehnologiýa senagaty ministri Waagn Haçaturýanyň dalaşgärligini hödürledi. Bu barada ermeni habar beriş serişdelerine salgylanyp, Trend agentligi habar berýär.

23-nji ýanwarda Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan wezipesinden aýrylýandygyny yglan etdi.
Ermenistanda Prezidenti parlament saýlaýar. Saýlawlar fewral aýynyň ortasynda geçirilip bilner.


08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

09.02.2026 09:35
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylaryny halkara baýragy bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlagyny ýollady...

16.01.2026 21:53
1.6k+

Türkmenistanyň we Ermenistanyň işewürleri Ýerewanda gepleşikleri geçirdiler

15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň işewürlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar...

13.12.2025 01:32
4.1k+

Ermenistan Türkmenistanyň halkara parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýär

Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi.  Ermenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen 30 ýylyň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde özüniň ähmiýetini subut etdi...