KHBS: Saud Arabystany 30 ýyllyk arakesmeden soň Tailanda awiagatnawlary dikeltmegi meýilleşdirýär

  • 29.01.2022 11:46
  • 10k+

Saud Arabystanynyň milli awiagatnadyjysy – Saudi Arabian Airlines kompaniýasy maý aýynda Tailanda göni gatnawlary dikeltmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada Saudi Gazette neşiri habar berdi diýip, TASS belleýär.

Hepdede yzygiderli gatnawlaryň sany heniz belli däl. Tailandyň Raýat awiasiýasy edarasynyň müdiri Suttipong Kongpulyň aýtmagyna görä, Saudi Arabian Airlines uçuşlaryň tertibi üçin entek resmi arza tabşyrmady.

“Awiakompaniýa tarapyndan mälim edilen tertibe laýyklykda, uçuşlar 2022-nji ýylyň maý aýynda başlar, bu Tailandyň Raýat awiasiýasy edarasynyň gatnawlary bellän tomusky uçuş tertibiniň wagty hasaplanýar. Ýöne biz henizem boş ýer tapýarys. Eger Saudi Airlines uçuş üçin arza bermek işine başlasa, men ol bellenilen döwürde uçup biler diýip hasaplaýaryn” – diýip, Suttipong aýtdy.

Saud Arabystanynyň Tailand bilen awiagatnawy ýurtlaryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýagdaýynyň peselmegi sebäpli, takmynan, 30 ýyl mundan öň kesilipdi.

2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Tailandyň premýer-ministri Praýut Çan-Oça mirasdüşer şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň çakylygy boýunça Saud Arabystanyna geldi, bu hem 30 ýyldan gowrak wagtyň içinde şeýle derejeli ilkinji resmi sapar boldy. 26-njy ýanwarda mirasdüşer şazada we premýer-ministr ýakyn wagtda iki ýurduň paýtagtlarynda ilçileri bellemek we Saud Arabystany bilen Tailandyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary doly kadalaşdyrmak barada ylalaşdylar.


22.03.2026 00:00
8.1k+

Tailandda resminamalaryna görä 126 ýaşyndaky aýal tapyldy

Tailandyň Lamphun welaýatynda dünýäniň iň garry zenanlarynyň biri tapyldy. Onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasyna görä, Guýçe Çitsakunwat 1900-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda dünýä indi. Bu aýal Tailandyň demirgazygyndaky Çiangmaý şäheriniň golaýyndaky Nambonoý obasynda ýaşaýar...

20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...