Dünýäde koronawirusa garşy 10 milliarddan gowrak sanjym edildi

  • 28.01.2022 14:41
  • 3.4k+

Dünýäde koronawirusa garşy alnan sanjymlaryň sany 10 milliarddan geçdi. Olaryň ýarysyndan gowragy üç döwletiň – Hytaýyň (2,98 mlrd), Hindistanyň (1,67 mlrd) we ABŞ-nyň (0,54 mlrd) paýyna düşýär. Bu maglumatlar TASS-yň häkimiýetleriň resmi beýanlaryna we KHBS tarapyndan alnyp barylýan statistika esaslanýan hasaplamalaryndan gelip çykýar. 

Häzirki wagtda planetanyň ýaşaýjylaryna koronawirusa garşy 10,003 mlrd sanjym dozasy berildi. Ýer ýüzünde näçe adamyň doly sanjym kursuny geçendigini kesgitlemek mümkin däl, sebäbi köp ýurtlar diňe kowide garşy sertifikatlaşdyrylan sanjym dozalarynyň we alnan sanjymlaryň sany barada habar berýärler. Şol bir wagtyň özünde birnäçe döwletde gaýtadan sanjym etme prosesi dowam edýär. 
Dünýäde sanjym depgini ýene haýallady: soňky bir milliard sanjym 30 günde berildi, mundan öňki 24 günde alnypdy.
Alty döwletde – BAE-de, Maldiwlerde, Kubada, Portugaliýada, Kambojada we Singapurda ýaşaýjylaryň 90%-ine sanjym edildi. Ilatynyň 80%-i sanjym alan ýurtlaryň hataryna Malta, Hytaý, Bruneý, Çili, Günorta Koreýa, Ispaniýa, Argentina, Italiýa, Kanada, Katar, Awstraliýa, Daniýa, Islandiýa, Ekwador, Bahreýn, Ýaponiýa, Wýetnam, Urugwaý girýär.


23.05.2025 12:05
2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...