«Brent» nebitiniň bahalary 2014-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji gezek 90 dollardan geçdi

  • 28.01.2022 14:52
  • 4.1k+

Geçen hepdäniň netijeleri boýunça ABŞ-da energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyklarynyň artmagy hakynda çarşenbe güni resmi maglumatlar çap edilenden soň, nebitiň bahalary ýokarlanyp başlady.

«Brent» söwda belgili nebitiň martdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda barreli üçin 90,01 dollara bardy. Bu görnüşli nebitiň bahasy 2014-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan bäri ilkinji gezek barreli üçin 90 dollardan ýokary geçdi diýip, Interfaks habar berýär.
WTI nebitiniň mart üçin fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda 1,99 % artyp - barreli üçin 87,3 dollara ýetdi. WTI-niň bahalary hem soňky 7 ýylda iň ýokary çäginde saklanýarlar.
ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, ABŞ-da nebitiň harytlyk ätiýaçlyklary geçen hepdede 2,38 mln barrl artyp - 416,19 mln barrele ýetdi.
Şol bir wagtda, köp sanly analitikler nebite bolan islegiň mundan beýläk hem artmagyna garaşýarlar, käbir maýa goýum banklary, şol sanda Goldman Sachs şu ýylda Brent nebitiniň 100 dollara çenli gymmatlamagyny çaklaýarlar.
Citigroup-yň hünärmenleri, muňa garamazdan, 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde nebitiň bahalarynyň 20 % pese düşmegine we ortaça 65 dollara deň bolmagyna garaşýarlar.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......