Syýahatçylar üçin planetanyň iň myhmansöýer ýerleri belli boldy

  • 26.01.2022 23:58
  • 11k+

2022-nji ýylda dünýäniň iň myhmansöýer ýerleriniň sanawynda ilkinji gezek Italiýanyň Matera şäheri birinji orny eýeledi. Syýahatçylar üçin iň gowy ugurlaryň sanawy barada “Lenta.ru-nyň” redaksiýasyna gelip gowşan Booking.com metbugat relizinden belli boldy. 

Italiýanyň gadymy gowak şäheri Matera ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gaýaly obalary bilen meşhurdyr. Ikinji orunda Sloweniýanyň Bled şäheri, üçünji orunda 2020-nji ýylyň ýeňijisi Taýwanyň Taýdun şäheri ýerleşdi. Sanawa Gresiýanyň Nafplion, Ispaniýanyň Toledo, Braziliýanyň Monti-Werdi, Belgiýanyň Brýugge şäheri, Indoneziýadaky Nusa-Lembongan adasy, Azor adalarynyň Ponta-Delgada we Wýetnamyň Hoýan şäheri hem girdi.

Mundan başga-da, Booking.com alty yklymda ýerleşýän planetanyň iň myhmansöýer sebitlerini aýratynlykda belledi. Munda Taýdun (Taýwan), Tasmaniýa (Awstraliýa) we Täze Şotlandiýa (Kanada) bassyr ikinji ýyl iň gowy sebitler boldular. Sloweniýadaky Goren sebiti ýeňiji diýlip bellenildi. Bulardan başga-da, sanawda Awstriýanyň Burgenland sebiti, Seýşel adalary, Täze Zelandiýanyň Kenterberi, Argentinanyň Santa-Krus, Kosta-Rikanyň Limon we Ispaniýanyň La-Rioha sebiti hem bar. 


düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......