Türkmenistanyň medeni gymmatlyklaryna bagyşlanan halkara maslahat we sergi öz işine başlady

  • 26.01.2022 22:50
  • 4.7k+

Şu gün — 26-njy ýanwarda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady. Ir bilen oňa gatnaşyjylar türkmen milli gymmatlyklaryna bagyşlanan sergä aýlanyp gördüler hem-de bu ýerde türkmen alabaý itleri we tazylary, şeýle-de el işleriniň dürli görnüşleri bilen tanyş boldular.

Soňra «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda milli itşynaslyk tejribesini ösdürmek we dünýä ýaýmak, türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň mili aýratynlyklary, şeýle-de türkmen halylary, alabaý itleriniň heýkelleri, türkmen haly nagyşlarynyň gadymy we orta asyr binagärlik bezeglerinde ulanylan görnüşleri, türkmen alabaý itleri bilen bagly arheologik tapyndylar hem-de olaryň haly we beýleki milli el işlerindäki çeper beýany barada çykyşlar diňlenildi.

«Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» ady bilen üç gün dowam etjek halkara ylmy-amaly maslahat işini bölümçeler boýunça dowam eder. Degişli maslahatlar Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen halysynyň milli muzeýinde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriler. 


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......