Dünýädäki iň gymmat awtomobilleriň onlugy belli boldy

  • 25.01.2022 23:55
  • 23k+

“AutoNews” neşiri dünýädäki iň gymmat awtomobilleriň onlugy barada habar berdi. Olaryň bahasy bilen diňe gymmat ýahtalar, döwrebap uçarlar we hatda galalar deňleşip biler diýip, yakutsk.ru belleýär.

Birinji orunda meşhur Rolls-Royce Boat Tail ýerleşdi, ony 28 mln dollara satyn alyp bolýar. Häzirkizaman ýahtalarynyň stilindäki örän uly kabriolet 1920-30-njy ýyllary salgy berýär. Bu awtomobiliň iki müň sany özboluşly bölekleriniň elde ýerine ýetirilendigi bellärliklidir.

Ikinji orny 18,7 mln dollara satyn alyp bolýan Bugatti La Voiture Noire eýeledi. Bu model 1936-njy ýylda çykan Bugatti Type 57 SC Atlantic-e bagyşlanýar. Motoryň kuwwaty 1500 at güýjüne deňdir. Üçünji orunda Bugatti Centodieci ýerleşdi. Satyja ol 9 mln dollara düşer. Motoryň kuwwaty 1600 at güýjüne, iň ýokary tizligi sagatda 380 km deň.

Bahasy boýunça dördünji orunda Maybach Exelero durýar, ony 8 mln dollara satyn alyp bolýar. Motoryň kuwwaty 700 at güýjüne, iň ýokary tizligi sagatda 351 km deň. Onuň yzyndan Bugatti Divo gelýär. Onuň bahasy 5,8 mln dollar. Bu awtomobil 1930-njy ýyllaryň fransiýaly ýaryşa gatnaşyjysy Alber Diwonyň hatyrasyna atlandyryldy. 

Altynjy orny bahasy 4,8 mln dollar bolan Koenigsegg CCXR Trevita eýeledi. Motoryň kuwwaty 1014 at güýjüne, iň ýokary tizligi sagatda 400 km deň. Ýedinji orun 4,5 mln dollar bahaly Lamborghini Veneno berildi. Sekizinji orunda Pagani Huayra Roadster BC ýerleşdi. Awtosöýüji ony 3,5 mln dollara satyn alyp bilýär. Onuň motorynyň kuwwaty 800 at güýjüne deňdir. Bu awtomobiliň yzyndan 3,4 mln dollar bahasy bolan Lykan HyperSport gelýär. Motoryň kuwwaty – 780 at güýji. Iň ýokary tizlik – sagatda 380 km. Bu model 2015-nji ýylyň “Forsaž-7” filminiň üsti bilen meşhur boldy.

Iň baý awtomobilleriň sanawynda iň arzany Aston Martin Valkyrie boldy. Onuň bahasy 3,2 mln dollara deň. Motoryň kuwwaty 1160 at güýjüne, iň ýokary tizligi bolsa sagatda 400 km barabar.

şu gün 07:27
1k+

BMW adaty 220 adamlyk uçary lýuks «myhmanhana» öwürdi

BMW awtomobil dizaýnynyň çäginden çykyp, indi awiasiýa pudagynda lýuks ülňülerini ornaşdyrmaga girişýär: kompaniýanyň BMW Designworks bölümi Lufthansa Technik bilen bilelikde «The BOW» konseptini – uçar......

düýn 23:24
1.3k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
817

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.9k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......