Meta emeli intellektiň esasynda superkompýuter döretdi

  • 25.01.2022 23:33
  • 7.8k+

Amerikan kompaniýasy Meta emeli intellektiň esasynda işleýän Al Research SuperCluster (RSC) superkompýuteriniň döredilendigini habar berdi. Bu barada Meta-nyň saýtynda aýdylýar. Muny belta.by ýetirýär. 

Kompaniýanyň habar bermegine görä, kompýuter 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli doly işlenilenden soň dünýäde iň çalt hasaplaýjy maşyn bolar. 
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, has çylşyrymly ýumuşlary ýerine ýetirip biljek emeli intellektiň indiki neslini işläp düzmek üçin “sekuntda kwintillion amallary ýerine ýetirmäge ukyply bolan has kuwwatly superkompýuterler” gerek bolar.
RSC superkompýuteri işläp düzüjilere “trillionlarça mysallarda öwrenip, ýüzlerçe dilde işläp, bir wagtyň özünde teksti, audiony we wideony aňsatlyk bilen seljerip, üsti ýetirilen reallygyň gurallaryny we başga-da köp zatlary işläp düzüp biljek iň gowy emeli intellekt modellerini döretmäge” mümkinçilik berer.
Işläp düzüjileriň pikiriçe, RSC indiki uly hasaplaýyş platformasy – “metaälem” üçin tehnologiýalary döretmäge ýol açar.


şu gün 12:35
771

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
1.9k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.7k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......