Bitkoiniň bahasy pese gaçyp, 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri iň pes derejä düşdi

  • 23.01.2022 13:58
  • 9.9k+

22-nji ýanwar güni irden bitkoiniň bahasy 9% pese gaçyp, 35,1 müň dollara çenli aşak düşdi we 2021-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri iň pes görkezijisini täzeledi. Bu barada rbc.ru habar berdi.

“CoinGecko”-nyň maglumatlaryna görä, bitkoin söwdasynyň möçberi 35 milliard dollar bolup, aktiwiň bazar kapitalizasiýasy 674 milliard dollara çenli azaldy.
20-nji ýanwarda, bahasy 43,5 müň dollardan geçip gaýdandan soň, bitkoin birden arzanlap başlady. 10-njy noýabrdaky ýeten iň ýokary derejesinden (69 müň dollardan) soň onuň bahasy 48% pese gaçdy.
Kriptowalýuta bazaryndaky pese gaçyşyň 20-nji ýanwarda geçirilen söwda sessiýasynyň netijelerine görä 1% aşaklan we 21-nji ýanwarda 2% peselmegini dowam etdiren S&P 500 indeksiniň pese gaçmagy sebäpli ýüze çykan bolmagy-da ähtimal diýlip bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ozal “Arcane Research” analitika kompaniýasy bitkoin alyş-çalyş hümmeti bilen S&P 500 indeksiniň arasyndaky baglanyşygyň 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri rekord derejä ýetendigini habar beripdi diýip, çeşme habar berýär.


düýn 14:41
3.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......

03.10.2025 17:03
4.4k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

30.09.2025 16:59
2.8k+

Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür...

06.09.2025 16:32
7.9k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...