Microsoft 68,7 mlrd dollara wideo oýunlaryny dörediji Activision Blizzard-y satyn alýar

  • 19.01.2022 14:08
  • 4.9k+

Microsoft wideo oýunlaryny dörediji Activision Blizzard kompaniýasyny satyn alandygyny yglan etdi. Bu geleşik korporasiýasynyň bütin taryhynda, şeýle hem wideo oýunlar senagatynda iň iri geleşik bolup durýar diýip, ixbt.com The Wall Street Journal neşirine salgylanyp habar berýär.

2023-nji ýylyň iýunynyň ahyryna çenli tamamlanmagy göz öňünde tutulýan geleşigiň bahasy 68,7 milliard dollar. Bu habardan soň, Activision Blizzard-yň paýnamalarynyň her biriniň bahasy 65,39 dollar gymmatlady.
Activision Blizzard — iri oýun we interaktiw kontent döredijidir. Kompaniýanyň döreden oýunlarynyň sanawynda Call of Duty, Candy Crush, Warcraft, Diablo, Overwatch we Hearthstone ýaly meşhur oýunlar bar.
Microsoft-da bellemeklerine görä, bu geleşik kompaniýanyň mobil enjamlarda, kompýuterlerde, konsollarda we bulut ulgamlarynda oýun işewürligini ösdürmäge ýardam eder. Mundan başga-da, bu meta älemi gurmaga nobatdaky uly ädim bolar.
Activision-de öz içinde bolşy ýaly, Blizzard-da hem köp sanly dawalar zerarly çylşyrymly döwür başdan geçirilýär. Mümkin, Microsoft hut şundan hem peýdalanmak isländir. Belläp geçsek, Activision Blizzard-yň häzirki bazar bahasy 50 milliard dollar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Bobbi Kotik häzirlikçe ony dolandyrmagyny dowam eder.
Ýatlatsak, geçen ýylda Microsoft kompýuter wideo oýunlaryny dörediji Bethesda kompaniýasyny satyn alypdy. Şol geleşigiň bahasy 7,5 milliard dollar boldy.


17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.03.2026 13:28
719

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

31.01.2026 12:04
2.7k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

31.01.2026 09:16
1k+

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...