Forbes iň baý Youtube-blogerlerini belli etdi

  • 16.01.2022 17:59
  • 18k+

Forbes žurnaly 2021-nji ýylyň jemleri boýunça YouTube wideo-hyzmatynda iň köp töleg gazanýan kontent öndürijileriň sanawyny neşir etdi. Sanawda birinji orny platformada MrBeast lakamy bilen meşhur bolan 23 ýaşly Jimmi Donaldson eýeledi. Onuň girdejisi geçen ýylda 54 million dollara barabar boldy diýip, bbc.com habar berdi.

MrBeast-iň wideorolikleri YouTube-de 10 mlrd-dan gowrak tomaşa gazandy. Forbes-iň bellemegine görä, ol özüni üstünlikli işewür hökmünde hem görkezmegi başardy. Ol öz brendi astynda ABŞ-nyň 1600 restoranyndan burger sargyt etmäge mümkinçilik berýän mobil telefon programmasyny döretdi.

Ýutubçylaryň reýtinginde ikinji orunda — aktýor, boksçy we bloger Jeýk Pol ýerleşdi, onuň girdejisi 45 mln dollar.

Russiýaly ýedi ýaşly Nastýa Radzinskaýa sanawda altynjy boldy, onuň 90 million abunaçysy bar. 2021-nji ýylda ol 28 million dollar gazandy.
Nastýanyň ata-enesiniň aýtmagyna görä, olar gyzyny çaga selebral paraliçi keselinden bejerenlerinden soň YouTube ýaýlymyny döredipdirler. Olaryň aýtmagyna görä, kamera bilen işlemek arkaly gyzjagaz «daşky gurşawy bilen gatnaşyga girmegi öwrenipdir» we aktýorçylyk başarnyklaryny ösdüripdir. Nastýa öz YouTube ýaýlymyny iňlis dilinde ýöredýär.

Geçen iki ýylyň liderleriniň biri — 10 ýaşly amerikaly Raýan Kadzi ýedinji orna düşdi. "Ryan's World" atly ýaýlymynda ol çagalar üçin oýnawaçlara syn bermek bilen meşgullanýar.
Forbes-iň hasaplamalaryna görä, YouTube-da iň köp töleg gazanýan awtorlarynyň 10-lygy umumylykda bir ýylda 300 mln dollar gazanypdyr.


25.05.2025 19:06
6.6k+

MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi

MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar...

28.04.2025 16:06
1.5k+

Alphabet kompaniýasy Google bilen YouTube-de mahabatyň we emeli aňyň hasabyna çärýeklik girdejisini 46% ýokarlandy

Google-yň we YouTube-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 34,54 mlrd dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46% ýokarlandy. Munuň netijesinde, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 4% ýokarlandy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär...

13.02.2025 23:52
1.6k+

YouTube-a indi smartfonda däl-de, telewizorda has köp tomaşa edilýär

Adamlar indi YouTube-a smartfonlarda däl-de, telewizorlarda has köp tomaşa edýärler. Platformanyň ulanyjylary her gün umumy dowamlylygy bir milliard sagatdan köp bolan mazmunlary görýärler diýip, platformanyň baş...

21.03.2024 05:55
8.8k+

TikTok YouTube bilen bäsdeşlikde blogerler üçin töleg düzgünini üýtgetdi

TikTok sosial ulgamy YouTube we Google bilen bäsdeşligiň esasynda täze Creator Rewards monetizasiýa maksatnamasyny hödürledi. Creator Rewards-yň tölegi hasaplaýyş formulasy dört görkezijä esaslanýar: mazmunyň özboluşlylygyna...