Türkmenistan üstaşyr demir ýol nyrhlary we ýeke-täk üstaşyr nyrhlar boýunça halkara şertnamalara goşular

  • 15.01.2022 22:38
  • 17k+

Hökümetiň 14-ni ýanwardaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna goşulmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Hytaý — Ýewropa ugry boýunça Halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we täze ugurlary açmak, konteýnerli ýük daşamalaryň gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin bäsdeşlige ukyply, amatly nyrh syýasatyny emele getirmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Bu guramanyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna “Türkmendemirýollary” agentliginiň goşulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy öwrenildi. Munuň özi Hytaý we Ýewropa ugurlary boýunça üstaşyr gatnawlar babatda bitewi nyrhlary ylalaşmak üçin amatly esasy işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna goşulmak bilen baglanyşykly teklipleri makullady.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......