Türkmenistanyň milli ýygyndysy resmi ýagdaýda Pariž Olimpiadasyna taýýarlanyp başlaýar

  • 15.01.2022 10:32
  • 7.6k+

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek ХХХIII tomusky Olimpiýa we ХVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine şu oýunlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyny we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek; degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu oýunlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny toplumlaýyn taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak; Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde hem-de “Awaza” sport toplumynda sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanyşyklaryny geçirmek tabşyryldy.

Içeri işler ministrligi we Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin sport maksatly desgalary hem-de binalary Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ulanmaga bermäge borçly edildi.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......