Dünýä ummanlary 2021-nji ýylda ýylamagyny dowam etdi

  • 14.01.2022 23:46
  • 7.9k+

Alymlar 2021-nji ýylda ummanlaryň öňküsinden has ýylandygyny anykladylar. Muny Advances in Atmospheric Sciences žurnalyna salgylanyp, inscience.news habar berdi.

Bütindünýä ummanynyň temperaturasy ýylsaýyn ýokarlanyp, täze rekord derejelere ýetýär. Munuň özi howanyň üýtgemegine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin alymlar Bütindünýä ummanynyň temperaturasyna ýakyndan gözegçilik edýärler we her ýyl onuň näderejede üýtgändiginiň jemlerini jemleýärler.

Alymlar soňky bir ýylda ähli ummanlaryň ýüzündäki suwuň (2000 metr çuňluga çenli) 2020-nji ýyldakysyndan 14 zettajoul köp energiýa siňdirendigini anykladylar. Bu bolsa 2020-nji ýylda dünýäde elektrik energiýasynyň öndürilişinden 145 esse köpdür. Şeýle hem alymlar ummanlaryň kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň 20-30%-ini siňdirýändigini, munuň bolsa onuň turşamagyna getirýändigini tassykladylar.

Alymlaryň pikiriçe, täze gözlegiň netijesi adam işjeňligi sebäpli ummanlaryň temperaturasynyň ýokarlanýandygyny görkezýär. Bular bolsa öz gezeginde deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna getirip, güýçli tupanlara we harasatlara sebäp bolýar, şeýle hem ýagyş we güýçli suw joşma howpuny döredýär.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......