Ýewropa Bileleşigi Hyundai bilen Daewoo-nyň birleşmegine gadaganlyk goýdy

  • 14.01.2022 16:52
  • 8.7k+

Ýewropa Bileleşigi dünýäde iri gämi gurluşyk kompaniýalary bolan Günorta Koreýanyň Hyundai we Daewoo kompaniýalarynyň birleşmegine böwet boldy. Ýewropa komissiýasynyň beýanatynda bellenilişi ýaly, bu geleşik täze konserniň suwuklandyrylan gazy daşamak üçin tankerleri öndürmekde dünýäde agalyk ediji orunlary eýelemegine getirerdi we bäsdeşligi gowşadardy.

Brýusseliň garaýyşlaryny teswirläp, Ýewrokomissiýanyň wise-başlygy Margret Westager şeýle diýdi:

"Ýewropa Bileleşiginde energiýa sarp edilişiniň dörtden bir bölegine golaýy tebigy gazyň paýyna düşýär, onuň aglaba bölegi bolsa, import edilýär, şol sanda suwuklandyrylan gaz görnüşinde getirilýär. Bu günki kararda gürrüňi edilýän tankerler suwukladyrylan gazy getirmekde möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu iri gämiler suwuklandyrylan gazy dürli sebitlerden Ýewropa getirýärler» — diýip, Euronews habar berýär.

Brýusselde düşündirmeklerine görä, suwuklandyrylan gaz daşamak üçin tankerleri dünýäde sanlyja kompaniýalar öndürip bilýär. Şeýlelikde, Hyundai bilen Daewoo ýaly iri kompaniýalaryň birleşmegi bazarda saýlawy azaldardy we Ýewropa sarp edijileri üçin bahalaryň ýokarlanmagyna getirerdi.
Günorta Koreýada kompaniýalaryň birleşmegine girizilen gadaganlyga gynanç bildirdiler. Birleşmäni öň Hytaýyň, Singapuryň we Gazagystanyň kadalaşdyryjy edaralary makullapdy.


23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 14:40
2.5k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

18.06.2026 09:55
860

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......