Tailand syýahatçylar üçin salgyt girizýär

  • 13.01.2022 23:43
  • 6k+

Tailandyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin 9 ABŞ dollary möçberinde salgyt girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Bangkok Post” neşiriniň ýazmagyna görä, Tailand hökümetiniň metbugat sekretary Thanakon Bunkongwançan aýtdy. 

Gelýän daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk salgydy 2022-nji ýylyň aprel aýynda peýda bolup biler. Ol 300 bata (takmynan, 9 dollar) barabar bolar. Täze salgydyň awiapetekleriň bahasyna goşulmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, Tailandyň häkimiýetleri gury ýer transporty bilen gelýän daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk salgytlaryny girizmek meselesine garaýarlar.
Alnan serişdeleri syýahatçylyk ýerlerini ösdürmäge we syýahatçylaryň ätiýaçlandyryşyna gönükdirmek isleýärler.


düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......