Wenesuela, Eýran we Sudan BMG-niň BA-da ses bermek hukugyny wagtlaýyn ýitirdi

  • 13.01.2022 23:11
  • 5.7k+

Wenesuelanyň, Eýranyň, Sudanyň we beýleki birnäçe ýurduň wekiliýetleri pul geçirmek bilen bagly bergi sebäpli BMG-niň Baş Assambleýasynda ses bermek hukugyny wagtlaýyn ýitirdiler. Bütindünýä guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Baş Assambleýanyň 76-njy sessiýasynyň başlygy Abdulla Şahide ýazan hatynda bergisi bolan 11 döwlet bar. Olaryň arasynda Antigua we Barbuda, Wanuatu, Gwineýa, Komor adalary, Kongo, Papua – Täze Gwineýa, San-Tome we Prinsipi, Somali bar. Bu barada TASS habar berýär.

Resminamada BMG-niň Tertipnamasynyň 19-njy maddasynyň esasynda “pul tölegini geçirmekde bergisi bolan guramanyň agzasynyň eger onuň bergisi geçen iki ýyl üçin bermeli töleg mukdaryna deň ýa-da ýokary bolsa, Baş Assambleýada ses bermek hukugyndan mahrum edilýändigi” aýdylýar.

Şeýle-de bolsa, Baş Assambleýa “tölegiň gijikdirilmeginiň guramanyň agzasyna bagly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli bolup geçendigini” ykrar etse, ses bermek üçin gatnaşmaga rugsat berip biler. Şeýlelikde, Komor adalaryna, San-Tome we Prinsipä, şeýle-de Somalä 76-njy sessiýanyň ahyryna çenli ses berişlige gatnaşmaga rugsat berilýär.

Ses hukugyny dikeltmek üçin Wenesuela $39,8 mln, Eýran $18,4 mln, Sudan $299 müň, Wanuatu $194 tölemeli. 


05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......