Türkmen Lideri Balkanda esengululy balykçylar bilen söhbetdeş boldy

  • 13.01.2022 22:48
  • 11k+

13-nji ýanwarda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Uzynada meýdançasyndan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Hazaryň kenaryndaky balykçylaryň ýanyna bardy we Esenguly etrabynyň Gögerendag obasynyň ýaşaýjysy, balykçy Nurmämmet Meretgylyjow bilen söhbetdeş boldy.

Türkmen Lideri balykçy bilen hal-ahwal soraşyp, balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, olaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Balykçy bu ýerde awlanýan balyklaryň görnüşlerini görkezdi. Ol balyk tutmakda oňyn tejribe toplandygyny we özüniň asylly käri bilen bolelin durmuşda ýaşaýandygyny aýtdy. Nurmämmet Meretgylyjow 10 ýyl bäri balykçylyk bilen meşgullanýandygyny, bu hünäriň kakasyndan geçendigini aýratyn nygtady. Şeýle-de ol balykçylykda hususyýetçilige geçilendigini, onuň bolsa balykçylar üçin örän bähbitlidigini aýtdy.

Şol wagt balykçynyň balykçy ýoldaşlary hem deňizden gaýdyp geldiler. Onuň belleýşi ýaly, olar aýyň dowamynda 10-12 gezek deňiz giňişligine gidýärler we kenardan 3000 metr uzaklykda balyk awlaýarlar. Her gezek 40-50 kilogram balyk tutulýar. Bu bolsa toparyň agzalarynyň maşgalalary üçinem, söwda bazarlarynda ýerlemek üçinem ýeterlik bolýar.

Soňra türkmen Lideri balykçynyň balykdan taýýarlaýan naharlary, olaryň ýokumlylyk derejesi bilen içgin gyzyklandy we N.Meretgylyjowyň ýoldaşlarynyň ýanyna baryp, olar bilen söhbetdeş boldy. Balykçylar türkmen Lideriniň döwlet Baştutany wezipesine girişip, ilkinji iş saparyny Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyna amala aşyrandygyny buýsanç bilen ýatladylar. Balykçylar özleriniň hoşallyklaryny bu sebite mahsus bolan gazal çekmek bilen beýan etdiler.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......