Hytaýda iň uzyn suwasty awtomobil tunneli açyldy

  • 11.01.2022 23:19
  • 20k+

Hytaýda tas dört ýyl gurluşykdan soň ýurtda iň uzyn suwasty awtomobil tunneli açyldy. Bu barada CNN teleýaýlymy habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

Tunnel Şanhaýdan, takmynan, 50 km gündogarda, Szýansu welaýatyndaky Taýhu kölüniň aşagyndan geçip, Suçžou, Usi we Çançžou ulag ýollaryny birleşdirýär. Onuň uzynlygy 10,79 kilometre deňdir. 

Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, ini 17,45 m bolan 6 zolakly desganyň gurluşygyna, takmynan, 1,56 mlrd dollar we iki mln kub metrden gowrak beton sarp edildi. Tunneliň ýokarysy yşyk diodly çyralar bilen enjamlaşdyryldy.

2021-nji ýylyň ýanwarynda Ýewropada Helsinkiden Talline çenli Baltika deňziniň aşagyndan geçmeli bolan iň uzyn suwasty demirýol tunneliniň gurluşygy barada söz açyldy. 17 mlrd dollarlyk megatunnel barada 2019-njy ýylda has işjeň gürrüň edildi, ýöne ara alyp maslahatlaşmalardan bir ýyldan soň Talliniň gurluşygyň ekologiki we ykdysady taraplary, şeýle-de howpsuzlyk bilen bagly aladalanmalary sebäpli, Estoniýanyň we Finlýandiýanyň taslamasy togtadyldy. Taslama laýyklykda, tunneliň uzynlygy, takmynan, 100 km, suw astyndaky obýektiň uzynlygy bolsa 50-den 56 km çenlidir. 


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....