Iň berk smartfon saýlandy

  • 11.01.2022 23:15
  • 27k+

JerryRigEverything lakamy bilen tanalýan bloger Zak Nelson ýylyň iň berk smartfonlaryny saýlady. Bu barada Nelson YouTube kanalyndaky wideoda habar berdi. Muny lenta.ru ýetirýär.

Onuň pikiriçe, Fairphone 4 iň ygtybarly telefon boldy. 2021-nji ýylyň oktýabrynda çykarylan enjam ony öý şertlerinde söküp, bejermäge mümkinçilik berýän modul gurluşy bilen tapawutlanýar. Synag wagtynda döwmek başartmadyk iň berk dewaýs Kyocera Duraforce Ultra 5G boldy.
“Iň innowasion smartfon” nominasiýasynda Samsung Galaxy Z Flip 3 ýeňiş gazandy, awtor ony eplenýän ekrany bilen çylşyrymly gurluşy üçin belledi. Bloger “Içinden iň owadan smartfon” baýragyny Legion Duel 2-ä berdi. Bu enjam “Iň gowşak smartfon” nominasiýasynda hem ýeňiji boldy.
Ahyrynda Zak Nelson beýlekilere garanyňda abatlaýyş işine az ýykgyn edýän telefony saýlady. Ol iPhone 13 Pro Max boldy. Awtor Apple flagmanynyň ekranyny we akkumulýatoryny öý şertlerinde çalyşmagyň örän kyndygyny belledi.


10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.4k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...

03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...