Honor ilkinji maýyşgak smartfony çykardy

  • 11.01.2022 23:10
  • 7.2k+

Hytaýyň öndürijisi Honor ilkinji maýyşgak smartfon Honor Magic V-ni hödürledi. “The Verge” saýtynyň ýazmagyna görä, gajetiň tanyşdyrylyş dabarasy 10-njy ýanwarda geçirildi. Bu barada “Korrespondente” salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Enjam 2272x1984 piksel durulykly we 90 Gs täzelenme ýygylykly 20 sm içerki displeý bilen üpjün edildi. Daşarky ekranyň ölçegi 16,4 sm bolup, durulygy 2560x1080 piksel, täzelenme ýygylygy bolsa 120 Gs.
Adaty ýagdaýda smartfonyň galyňlygy 6,7 mm we uzynlygy 141,1 mm. Eplenen ýagdaýynda – degişlilikde, 14,3 mm we 72,7 mm. 
Şeýle-de, gajet Snapdragon 8 Gen 1 prosessory we sagatda 4 750 megaamper kuwwatly batareýa bilen enjamlaşdyryldy. Şeýlelik bilen, ol 15 minutda 50% zarýad alýar.
Operasion ýadyň göwrümi 12 Gb, içerki ýadyň göwrümi 256 ýa-da 512 Gb. Honor Magic V 50 Mp bolan üç kamera we 42 Mp selfi-obýektiwe eýe boldy. 


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....