Kriptowalýuta dünýäsinde iň baý adam belli boldy

  • 11.01.2022 23:05
  • 12k+

Binance blokçeýn-ekoulgamynyň baş direktory Çanpen Çžaonyň baýlygy 96 mlrd dollar bolup, bu ony kriptowalýuta dünýäsinde iň baý adama öwürýär diýip, Bloomberg ýazýar. Muny lenta.ru ýetirýär.

Bu görkeziji boýunça hindistanly biznes-magnat Mukeş Ambani ikinji orunda durýar (92,9 mlrd dollar). Neşir Çžaonyň baýlygynyň has köp bolup biljekdigini, sebäbi onuň hususy kriptoaktiwleriniň bardygyny hem belleýär.
Binance-iň ýolbaşçysy 2014-nji ýylda iň meşhur sanly walýutany satyn aldy, bitkoinleriň köp bölegini ol henizem saklaýar. Şeýle-de, telekeçi geçen ýyl, takmynan, 1300 göterim ýokarlanan Binance Coin tokenlerine hem eýeçilik edýär. Bloomberg-iň hasaby boýunça, 2021-nji ýylda Binance azyndan 20 mlrd dollar girdeji gazandy.
Binance — bu söwda möçberleri boýunça dünýäde iň iri kriptowalýuta biržasy.


03.10.2025 17:03
4.2k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

30.09.2025 16:59
2.6k+

Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür...

06.09.2025 16:32
7.7k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

14.04.2024 14:46
9.4k+

Kriptowalýutalar birden 10-30% arzanlady. Bitkoin ýitiren bahasynyň bir bölegini yzyna almagy başardy

Şenbe güni geçirilen söwda sessiýasynda bitkoiniň hümmeti düýpli üýtgäp başlady. Iki sagadyň dowamynda esasy kriptowalýutanyň bahasy, takmynan, 10% arzanlap, 60-61 müň dollar töweregi aşaklady, hatda, birža baglylykda...