2021-nji ýyl boýunça MMA-nyň iň gowy söweşijisi saýlandy

  • 09.01.2022 22:45
  • 13k+

“MMA Junkie” neşiriniň redaksiýasy 2021-nji ýylyň jemi boýunça garyşyk stiliň (MMA) iň gowy söweşijisini saýlady. Tekst neşiriň saýtynda elýeterlidir diýip, lenta.ru habar berýär. 

Şeýlelikde, hünärmenler iň gowy söweşiji hökmünde Absolýut söweş çempionatynda (UFC) çykyş edýän Kamaru Usmany saýladylar. 34 ýaşly asly nigeriýaly bolan amerikaly türgen geçen ýyl üç söweşe gatnaşdy. Usman ýarym orta agramda UFC-niň çempiony titulyny üç gezek gorady. 
Ol Gilbert Býornsden, Horhe Maswidaldan we Kolbi Kowingtondan üstün çykdy. Usman UFC-de bassyr 15 ýeňişden ybarat tapgyry görkezýär. Ol oktagonda ýene bir üstünlik gazansa, braziliýaly Anderson Silwa bilen deňleşýär.
2019-njy ýylyň mart aýynda Usman Taýron Wudlini nokauta gidirip, onuň diwiziondaky agalygyny bes etdi. Ondan öň Wudli dört söweşiň dowamynda çempion guşagyny saklapdy.
Umuman, Usmanyň hasabynda bir ýeňliş bilen 20 ýeňiş bar.


düýn 23:43
5.3k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......