New York Times 1,2 mln abunaçysy bolan iri sport neşirini satyn aldy

  • 08.01.2022 12:43
  • 2.2k+

New York Times gazeti dünýäniň iň iri sport habar beriş serişdeleriniň biri bolan — The Athletic-i satyn almak barada ylalaşyk gazandy. Bu barada gazetiň saýtynda habar berilýär.

Geleşigiň bahasy 550 mln dollara barabar bolup, ol şu ýylyň apreline çenli doly işlenip tamamlanmaly. Bellenilişi ýaly, bu geleşik 8 million abunaçysy bolan New York Times-y baş maksadyna — 2025-nji ýyla çenli 10 million abunaça eýe bolmak maksadyna golaýlaşdyrýar.

«Häzir biz 10 million abunaçydan has artyk maksady yzarlaýarys. The Athletic-iň mümkin bolan abunaçylarymyzyň bazaryny has giňeltjekdigine ynanýarys» — diýip, Times Company-nyň ýerine ýetiriji direktory Meredit Kopit Lewýen belleýär. Onuň sözlerine görä, habar beriş serişdeleriniň ikisiniň hem abunaçylarynyň sany «degişlilikde, o diýen köp däl».

The Athletic-iň abunasynyň bahasy aýda 7,99 dollara barabar. Bu portalyň abunaçylarynyň sany 1,2 million adam hasaplanylýar.
Portalda 600 töweregi işgär bolup, şolaryň 400-si habarlar bölüminde işleýär. Bu görkeziji ony ABŞ-da ESPN teleýaýlymyndan soň sport neşirleriniň arasynda iň iri iş berijileriň hatarynda ikinji orunda goýýar.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......