Türkmenistanda täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy

  • 08.01.2022 08:40
  • 17k+

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça işler alnyp barylýar. Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy. Bu barada 7-nji ýanwarda geçirilen täze ýyldaky ilkinji Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer Niderlandlar Patyşalygynyň “Saybolt” kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplaryň we Euro-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalaryň berlendigini habar berdi. Häzirki wagtda nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hasabaty diňläp, döwlet Baştutany dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, uly tejribä we kuwwata eýe bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlara ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......