Beýik Britaniýa bilen Irlandiýa Ýewro-2028-i geçirmek üçin arza bermäge taýýarlanýar

  • 07.01.2022 13:06
  • 3.6k+

Beýik Britaniýanyň we Irlandiýanyň häkimiýetleri 2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin bäsleşige gatnaşmakdan ýüz öwrüp, Ýewro-2028-i guramak üçin arza bermegi meýilleşdirýärler. “Times” gazetiniň habar bermegine görä, Britaniýanyň futbol ýolbaşçylary dünýä çempionatyna garanyňda, Ýewropa çempionatyny geçirmekde has gowy mümkinçiligiň boljakdygyna ynanýarlar diýip, TASS belleýär.

Beýik Britaniýanyň we Irlandiýanyň hökümetleri mart aýyna çenli arza bilen bagly gutarnykly netijä gelmeli. Bellenilişi ýaly, 2028-nji ýylda Ýewropa çempionaty 32 toparyň (häzirki wagtda ýaryşyň final tapgyrynda 24 ýygyndy bar) gatnaşmagynda geçirilip bilner. 

Deslapky maglumatlara görä, arza Ýewro-2028 üçin sekiz topardan dört toparyň oýunlarynyň Angliýada geçirilmegini, galan dört toparyň oýunlarynyň bolsa pleý-off tapgyrynyň hem birnäçe oýnuny kabul etjek Şotlandiýanyň, Uelsiň, Demirgazyk Irlandiýanyň we Irlandiýa Respublikasynyň arasynda paýlanmagyny göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde, gazetiň belleýşi ýaly, Angliýanyň, Şotlandiýanyň, Uelsiň, Demirgazyk Irlandiýanyň we Irlandiýanyň milli ýygyndylaryna ýaryşa gatnaşmak kepillendirilmez – olar saýlama tapgyry arkaly geçmeli bolarlar.

“Times” 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyny geçirmek üçin dalaşgärleriň arasynda Russiýanyň we Türkiýäniň bardygyny hem belleýär.


düýn 13:51
9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......