Apple Bred Pitt bilen “Formula-1-iň” ýaryşyjysy barada film surata düşürer

  • 05.01.2022 17:56
  • 4.4k+

Apple amerikan kompaniýasy özüniň wideostriming hyzmaty Apple TV+ üçin “Formula-1-iň” ýaryşyjysy hakynda çeper filmiň üstünde işläp başlady. Bu barada “Deadline” internet žurnaly habar berýär. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.

Taslamanyň režissýory “Tagt: Miras”, “Obliwion” we “Top Gan: Mewerik” filmlerini dörediji Jozef Kosinski bolar. Ssenariýany “Transformerler” seriýasynyň filmleriniň üstünde işlemek bilen meşhur bolan Eren Krýuger ýazar.

Filmde baş keşpleriň birini Bred Pitt oýnar. Ol “Formula-1-den” gidip, toparyndaky ýaş ýoldaşy üçin halypa bolýan tejribeli ýaryşyjynyň keşbini ýerine ýetirer. Taslamanyň býujeti barada maglumatlar berilmeýär. “Deadline-iň” maglumatlary boýunça, film üçin çykdajylar 130 mln dollardan 140 mln dollara çenli bolar.

Apple TV+ hyzmaty 2019-njy ýylyň noýabr aýynda işe girizildi. Soňrak Apple kompaniýasy özüniň striming hyzmaty üçin özboluşly mazmunlary öndürmek barada birnäçe prodýuser we režissýor bilen şertnama baglaşdy. 

Kupertinoly kompaniýanyň striming hyzmaty tiz wagtdan Denzel Waşington bilen “Makbetiň tragediýasy” filmini çykarar. Onuň premýerasy 14-nji ýanwara meýilleşdirilýär.


21.09.2025 21:27
9.4k+

Lýuis Hemilton 15 mln ýewro öz awtomobil kolleksiýasyny satdy

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton öz awtomobil kolleksiýasyny satandygyny habar berdi. “Indi meniň ulaglarym ýok. Men kolleksiýamdan dyndym. Meni sungat has özüne çekýär. Eger men ulag satyn aljak bolsam, bu Ferrari F40 bolardy...

18.08.2025 08:47
3.2k+

Bred Pitt bilen “Formula-1” filmi 22-nji awgustda onlaýn çykar

“Formula-1” ýaryş blokbasteri 22-nji awgustda onlaýn kinoteatrlarda elýeterli bolar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Apple Studios studiýasynyň filmi iýun aýynyň ahyrynda prokata çykdy we dünýä prokatynda 579 mln dollar ýygnady...

05.08.2025 15:14
5k+

“Formula-1” Bred Pittiň karýerasynda iň girdejili film boldy

“Formula-1” ýaryş blokbasteri aktýor Bred Pittiň filmografiýasynda resmi taýdan iň köp girdeji gazanan taslama adyny aldy. Filmiň dünýädäki umumy kassa ýygymy 545 mln dollara ýetdi. Mundan öň iň girdejili film adyny 2013-nji ýylda çykan “Dünýä söweşi Z” saklaýardy (inflýasiýany hasaba almazdan $540 mln)...

10.07.2025 20:43
2.3k+

Apple “F1” filminiň üstünliginden soň hakyky ýaryşlary ýaýlyma bermäge hukuk almak isleýär

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermäge hukuk satyn almak barada onuň häzirki eýesi ESPN bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Financial Times ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple-iň islegi Bred Pittiň gatnaşmagyndaky “F1” filminiň üstünliginden soň güýçlendi...