Türkmen Lideri lebaply düýe çopany bilen söhbetdeş boldy

  • 05.01.2022 10:40
  • 20k+

4-nji ýanwarda "Malaý" gaz käninde geçiren iş maslahatyndan soň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda bu ýerden Garagum sährasynyň jümmüşine tarap ýola düşdi we ýolugra düýe sürüsiniň ýanynda saklandy. 

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykow türkmen Liderini garşylady. Döwlet Baştutany çopanyň işi, mallarynyň, öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de çopanyň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy. Sarwan kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini guwanç bilen aýtdy hem-de ähli oba hojalyk işgärleri, şol sanda maldarlar üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilýändigini aýratyn belledi.

Türkmen Lideri “Düýe maly — dünýe maly” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň düýe malyna aýratyn gadyr goýýandygyny nygtap, düýe ýüňüniň, süýdüniň, çalynyň hem-de agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygynyň ylmy esasda subut edilendigini gürrüň berdi.

Çopana döwlet Baştutanynyň adyndan sowgat gowşuryldy.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......