Berdimuhamedow Mara iş saparynyň çäklerinde çopan goşunda boldy

  • 04.01.2022 08:54
  • 27k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji ýanwardaky iş saparynyň dowamynda Mary welaýatynyň çägindäki öri meýdanlary bilen tanyşdy hem-de bu ýerdäki çopan goşuna geldi.

Dowar sürüsiniň ýanynda türkmen Liderini Ýolöten etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginiň çopany Döwran Ýazlyýew mähirli garşylady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çopany täze ýyl bilen gutlady hem-de onuň gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylyşy we öňde boljak owlak-guzy möwsümi bilen baglanyşykly işler, netijeli iş alyp barmak üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy.

Çopan Arkadag Prezidentimizi garşylamagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, milli Liderimiziň Şa gadamynyň bu ýaýlalara nur-bereket getirendigini — sähra giňişliklerine siňňin ýagyn ýagyp, meýdan ösümliklerine oňyn täsir edendigini, munuň bolsa dowarlaryň göwnejaý gyşladylmagynda aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda çopan oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen tagallalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, netijeli işlemek, döwrebap ýaşamak we oňaýly dynç almak üçin çopanlara hemme zerur şertleriň döredilýändigini belledi.

Çopana döwlet Baştutanynyň adyndan sowgat gowşuryldy.


şu gün 10:55
3.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.9k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.5k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......