Deniel Kreýg Britaniýanyň rysarlyk ordenine mynasyp boldy

  • 03.01.2022 23:50
  • 4.4k+

Aktýor Deniel Kreýg Britaniýanyň rysarlyk ordenine mynasyp boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň hökümetiniň web sahypasyna salgylanyp, smotrim.ru habar berdi.

Iňlis aktýory Keramatly Mihailiň we Georginiň rysarlyk ordenine mynasyp boldy. 007 belgili iňlis jansyzy Jeýms Bond hakyndaky filmiň soňky bölüminiň baş gahrymany hem hut şu ordeni dakynypdy. Ýan Flemingiň kitabynda beýan edilýän wakalara görä, Jeýms Bond bu ordeni 1953-nji ýylda alýar. Filmiň soňky bölümi "Ölmegiň wagty däl" diýlip atlandyrylýar.
Kreýg üçin bu orden ilkinji sylag däl. Sentýabr aýynda oňa Beýik Britaniýanyň Korollyk deňiz flotunyň hormatly kommanderi ady hem berlipdi.
Şeýle hem, Kreýgden başga-da birnäçe alymlaryň, syýasatçylaryň, türgenleriň we haýyr-sahawat guramalarynyň işgärleriniň dürli derejeli baýraklara mynasyp bolandygy aýdylýar.


19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......