AIPS 2021-nji ýylyň iň gowy futbol toparyny yglan etdi

  • 02.01.2022 14:39
  • 9.6k+

Sport žurnalistleriniň halkara assossiasiýasy (AIPS) Italiýanyň milli ýygyndysyny 2021-nji ýylyň iň gowy topary diýip yglan etdi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar edilýär.

Italiýalylar Ýewro-2020 çempionatynda ýeňiji boldular. Olaryň peýdasyna 767 adam ses berdi.
Ikinji ýerde 503 ses alan Mýunheniň «Bawariýasy» ýerleşdi.
Üçlügi 459 ses bilen Argentinanyň milli ýygyndysy jemledi. Geçen ýylda Messi we onuň watandaşlary Amerikanyň Kubogynda altyn medal gazandylar.
Dördünji orny Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Çelsi» eýeledi. Tomas Tuheliň topary 370 ses aldy.
Iň gowy toparlaryň bäşligini 257 ses bilen «Liwerpul jemleýär.
Iň gowy futbola degişli bolmadyk topar hökmünde ABŞ-nyň basketbol boýunça erkekler ýygyndysy saýlandy. Olar Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......