Hytaý Marsda düşürilen täze suratlary görkezdi

  • 02.01.2022 14:29
  • 20k+

Hytaýyň Milli kosmos müdirligi Täze ýyl sowgady hökmünde Marsdan düşürilen dört sany täze suraty neşir etdi. Fotosuratlar 2021-nji ýylyň fewralyndan bäri Gyzyl planetada «Çžurong» marsahody bilen bilelikde işleýän «Týanwen-1» kosmos saýawany tarapyndan düşürildi. Fotosuratlar CNSA saýtynda elýeterli.

Suratlarda Marsyň fonunda düşen saýawanyň bir bölegini, «Týanwen-1» orbital apparatyň şekilini, Marsyň üstüniň suratyny düşürýän «Çžurong» marsahodyny we planetanyň doňdurylan suwdan we kömürturşy gazyndan ybarat bolan  Demirgazyk polýar şyrdagynyň şekilini görmek bolýar.
Müdirlik enjamlaryň ikisiniň hem kadaly işleýändigini we howpsuzlykdadygyny görkezmek üçin suratlary neşir etdi.

Polýar buzly şyrdakly suratda sowet konstruktory Sergeý Korolýowyň adyny göterýän krater we Olimpiýa meýdany görünýär. Marsahoddan düşürilen suratda planetanyň mahsus relýefini görmek bolýar.

«Týanwen-1» orbital apparatyň ady «Asmana sowallar» diýlip terjime edilýär. 31-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, ol 526 gün bäri işleýär we Ýerden 350 mln km uzaklykda ýerleşýär. Suratlary ibermeklik takmynan 19,5 minut wagt aldy.

«Çžurong» marsahody gadymy hytaý mifologiýasyndaky ýalyn hudaýyndan at alýar. Ol Gyzyl planetanyň ady bilen ugurdaş gelýär. Ol planetada 225 mars güni iş alyp barýar (Mars planetasyndan bir günüň ortaça dowamlylygy 24 sagat 37 minut). Bu döwürde marsahod 1400 m aralyk geçdi.
Işiniň tutuş dowamynda enjamlaryň ikisi Mars barada 560 Gb maglumat çöpledi.


17.03.2026 15:50
1.6k+

Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy

Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi...

17.03.2026 10:35
1.7k+

Hytaý taryhda ilkinji bolup Marsyň nusgalaryny Ýere getirmäge taýýarlanýar

Hytaý özüniň ägirt uly maksatnamasy bolan «Tianwen-3» taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge resmi taýdan girişdi we Marsyň toprak nusgalaryny Ýere getirmeli ilkinji missiýasynyň enjamlaryny ýygnap başlady. Nusgalaryň 2031-nji ýylda Ýere getirilmegi meýilleşdirilýär...

14.03.2026 16:44
2.4k+

Hytaý 2030-njy ýyla çenli 6G aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär

Hytaý halkara standartlary tassyklanylandan soň, 2030-njy ýyla çenli altynjy nesil (6G) aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Yicai neşiri pudak hünärmenleriniň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär...

12.03.2026 13:43
2.6k+

Çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag önümçiligi togtadylyp bilner

Hytaýyň Kommersiýa ministrligi Niderlandlarda ýerleşýän Nexperia kompaniýasynyň baş edarasy tarapyndan edilýän hereketleriň gepleşikler üçin täze päsgelçilikleri döredýändigini mälim etdi. Mundan ozal, kompaniýa Hytaýdaky işgärleriniň korporatiw hasaplaryny ýapypdy...