Mikrotolkunly peçde iýmit gyzdyrmak howplumy?

  • 31.12.2021 18:47
  • 17k+

Iýmitleniş hünärmenleri Ýelena Motowa bilen Pawel Terehow iýmiti mikrotolkunly peçde gyzdyrylmagyň hakykatdanam howpludygyny ýa-da däldigini aýtdylar. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Bilermenler bu mesele boýunça dürli garaýyşlaryň, tapawutly pikirleriň bardygyny bellediler. Kimler mikrotolkunly peçde gyzdyrylanda önümleriň öz "gymmatyny" ýitirýändigini, kimler bolsa şonda önümleriň has ýeňil siňdirilýändigini aýdýar.

Iýmitleniş hünärmenleri iýmitleriň islendik termiki prosesden soň özüniň asyl häsiýetlerini üýtgedýändigini aýdýarlar. Şonuň bilen birlikde, Terehow biziň öwrenişen adaty naharlarymyzyň bişiriliş usulynyň hem iýmitiň ýokumyny peseldýändigini belleýär. Motowa bolsa mikrotolkunly peçleriň iýmitlere adaty ýylatmakdan gaýry täsiriniň ýokdugyny we olaryň beýleki peçlerden tapawutlanmaýandygyny aýdýar.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......