Hytaýyň daşarky söwdasy 2021-nji ýylda 20% artyp, 6 trln dollara ýeter

  • 31.12.2021 17:44
  • 3.5k+

HHR-niň Söwda ministrliginde 2021-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň daşary söwdasynyň garaşylýan netijeleri barada habar berdiler. Alnan maglumata görä, Hytaýda harytlarynyň eksportynyň we importynyň möçberi 6 trillion dollara ýeter diýip, Interfaks Sinhua hytaý agentligine salgylanyp habar berýär.

Bu 2020-nji ýylyň görkezijisindan 20% köpdür.
Söwda ministriniň orunbasary Žen Hunbin metbugat maslahatynyň barşynda HHR-niň ösüp barýan ýurtlar bilen söwda gatnaşyklarynyň ösýändigi barada gürrüň berdi. Bu döwletlere eksport ýanwar-noýabr aýlarynda daşary eksportyň umumy möçberinden 49,5%-e deň boldy.
Hunbiniň aýtmagyna görä, halkara elektron söwdasyny ösdürmegiň çäklerinde Hytaý daşary ýurtlarda iki müňden gowrak ammar gurdy. Olaryň umumy meýdany 16 mln inedördül metrden geçýär.


düýn 13:44
2.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.5k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......