Huawei ýokary takyk enjamlaryň önümçiligi üçin täze golçur kärhanasyny döretdi

  • 29.12.2021 18:59
  • 4.1k+

Huawei hytaý kompaniýasy Huawei Precision Manufacturing atly täze golçur kärhanasyny hasaba aldy. Ol, esasan, simsiz we sanly energetiki önümler üçin ýokary takyk gurluşlary, komponentleri we enjamlary öndürmek bilen meşgullanar. Bu barada Şanhaýyň Yicai Global işewürlik habarlar çeşmesi habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Şol bir wagtyň özünde Yicai Global-yň kompaniýadaky çeşmesi bu gurluşyň çip öndürmek bilen baglanyşyklydygy baradaky gürrüňleri ret etdi. “Biz çip öndürmeris. Biziň esasy işimiz Huawei-niň simsiz we sanly energetiki önümleri üçin käbir esasy gurluşlary, modullary we komponentleri öndürmekde, şonuň bilen birlikde birnäçe önümleri ýygnamakda, gaplamakda we synagdan geçirmekde jemlenýär” – diýip, ol çeşmäniň sözlerini getirýär. 

Korporatiw informasion platformasy Qichacha-nyň habaryna görä, täze golçur kompaniýanyň düzgünnama maýasy 600 mln ýuana (takmynan, $94,1 mln) barabar. Onuň iş sferasyna optiki aragatnaşyk enjamlary, optoelektron gurluşlar, elektron bölekler we ýarym geçiriji diskret enjamlar ýaly ugurlar boýunça işler girer.

2020-nji ýylda Huawei-niň arassa girdejisi 64,6 mlrd ýuan (takmynan, $10,1 mlrd) bolup, 2019-njy ýyldaky görkezijiden 3,2% ýokary geçdi, umumy satuw girdejisi ýyllyk aňlatmasynda 3,8% ýokarlanyp, 891,4 mlrd ýuan (takmynan, $139,4 mlrd) boldy.

2021-nji ýylyň ilkinji üç çärýeginde satuw girdejisi 455,8 mlrd ýuana çenli ($71,3 mlrd) peseldi, 2020-nji ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda bu görkeziji 671,3 mlrd ýuan ($105 mlrd) boldy.


20.06.2026 09:49
2.4k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....