Russiýa Google-a rekord derejede 7,2 milliard rubl jerime salyndy

  • 27.12.2021 18:47
  • 9.6k+

Russiýanyň kazyýeti Google-a rekord derejede jerime saldy. Jerimäniň möçberi 7,2 milliard rubla barabar boldy diýip, rbc.ru habar berdi. Muny ferra.ru ýetirdi.

Kanun boýunça Google Russiýada gadagan edilen maglumatly saýtlary gözleg netijelerinden aýyrmalydy. Şunuň bilen baglylykda, bu jerime Google-yň bir bölegi hökmünde Youtube-a hem degişli bolup durýar.
Gadagan edilen maglumatlara ekstremist we terrorçylyk guramalarynyň materiallary, dini ýigrenji öjükdirmek, dindarlaryň duýgularyny kemsitmek ýa-da döwletde bölünişige çagyryş, neşe serişdelerini wagyz etmek, howply ýetginjek güýmenjeleri we başgalar bilen baglanyşykly maglumatlar degişlidir.
Şeýle hem kazyýet häzirki wagtda Meta diýlip atlandyrylan sosial ulgama hem şeýle jerimäni salmak meselesine garady.


18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

15.04.2026 20:08
5.4k+

Moskwada dünýäniň iň uzyn tramwaý ugry ulanylyşa girizildi

Moskwada ikinji tramwaý diametri (T2) ulanylyşa girizildi, ol şeýle görnüşdäki ugurlaryň arasynda iň uzyny boldy. Paýtagtyň häkiminiň saýtynda habar berlişi ýaly, onuň uzynlygy 33 kilometre barabar....

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

01.04.2026 16:26
1.5k+

Aşgabatda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi

Aşgabatda 27–29-njy mart aralygynda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi. Çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermegi bilen «ROSKINO»......