Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçiriljek sergilerdir maslahatlaryň sanawy taýýarlanyldy

  • 25.12.2021 16:44
  • 4.6k+

Hökümetiň sanly ulgam arkaly 24-nji dekabrda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 2022-nji ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň hem-de maslahatlaryň sanawynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Söwda-senagat edarasynyň degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, 2022-nji ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawynyň taslamasyny taýýarlandygy habar berlip, ol türkmen Lideriniň garamagyna hödürlenildi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň önümleriniň has işjeň öňe ilerledilmegi üçin degişli mahabatyň zerurdygyny aýdyp, meýilleşdirilen ähli çäreleri geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, özara bähbitli gatnaşyklardan ugur alynmalydygyny tabşyrdy. Şol çäreleriň her biri ähmiýetli, manyly bolmalydyr, Türkmenistanyň umumadamzat ynsanperwer maksatlaryna esaslanan, ösüşlere beslenen syýasatynyň mazmunyny beýan etmelidir diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


düýn 11:16
1.6k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.7k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.9k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

01.06.2026 14:04
2.8k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......