Teleradio boýunça komitetiň düzüminde Halkara habarlar merkezini döretmek teklip edildi

  • 25.12.2021 16:48
  • 9.4k+

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini döretmek teklip edilýär. Onuň maksady ýurdumyzda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ugurlarda öňe sürülýän halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýä bileleşigine öz wagtynda, yzygiderli we guramaçylykly ýetirmekden ybaratdyr. Bu barada 24-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara habarlar merkeziniň işini üç esasy wezipäni, ýagny Türkmenistan barada maglumatlary döwrebap media tehnologiýalarynyň üsti bilen yzygiderli esasda dünýä jemgyýetçiligine dessin ýaýratmakda, dünýäde bolup geçýän halkara ähmiýetli möhüm syýasy, ykdysady we durmuş wakalary barada anyk maglumatlary ýurdumyzyň habar beriş ulgamynda beýan etmäge hem-de halkara derejede işleýän habar beriş agentlikleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak, saklamak we ösdürmek wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns bermek bilen, ýakyn goňşy we iri sebit döwletleri bilen habarçylary alyşmak hem agentlikleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işiň dowam etdirilýändigini belledi.


düýn 10:07
2.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.2k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 11:47
8.5k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....