Ýaponiýada dünýädäki ilkinji elektrik tankeri suwa goýberildi

  • 24.12.2021 22:27
  • 9.2k+

Ýaponiýanyň gämi gurluşyk kompaniýasy Koa Sangyou dünýädäki ilkinji elektrik tankeri suwa goýberdi. Bu mynasybetli dabara Kagawa prefekturasynyň (Sikoku adasy) gämi ussahanasynda geçirildi diýlip, korporasiýanyň habarynda aýdylýar. Bu barada TASS habar berýär.

Gämi Asahi Tanker kompaniýasynyň sargydy boýunça guruldy we onuň hormatyna “Asahi” diýlip atlandyryldy. Tankeriň uzynlygy 62 m, nebit önümleriniň saklanýan ýeriniň göwrümi 1,28 müň kub metrdir. Ol umumy kuwwaty 3480 KWt bolan litiý-ion batareýalary bilen enjamlaşdyryldy.

Tanker 150-180 km aralygy geçmäge ukyply bolup, doly zarýad almak üçin, takmynan, 10 sagat gerek. Şeýle-de, gämi adatdan daşary ýagdaýlarda ony elektrik çeşmesi hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýän ulgamlar bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, elektrik hereketlendirijilerinden çykýan yrgyldylar we galmagallar adaty hereketlendirijileriňkiden ep-esli pesdir. Bu hem ekipaž üçin rahatlygy döredýär.  

Indiki ýylyň mart aýyndan “Asahiniň” Tokio aýlagynda uly transumman gämilerini ýangyç bilen doldurmak üçin ulanylmagyna garaşylýar. 


27.03.2026 11:41
4.4k+

Iň inçe iPhone-nyň satuwy iPhone 16 Plus-yňkydan iki esse köp boldy

iPhone Air özünden öňki Plus modeliniň ýerini eýeläp, satuwda has ýokary netijeleri görkezdi. Muňa ​Ookla portalynyň hasabaty şaýatlyk edýär....

26.03.2026 18:00
6.3k+

iPhone üçin dünýäde ilkinji selfi ekranly daşlyk çykaryldy

Dockcase kompaniýasy iPhone telefonlary üçin niýetlenen, özüne berkidilen ekranly we 2 TB çenli ýat karty bilen üpjün edilen Selfix daşlygyny (çeholy) tanyşdyrdy. Bu enjam iPhone 17 Pro we Pro Max modellerine......

26.03.2026 13:56
3.3k+

Nokia indiki nesliň simsiz internetiniň nähili boljakdygy barada gürrüň berdi

Nokia kompaniýasy sanly hyzmatlaryň häzirki wagt tertibinde durnukly we çalt işlemegini üpjün etmeli bolan Wi-Fi 9 standartynyň ösüşi baradaky öz garaýyşlaryny tanyşdyrdy....

25.03.2026 11:00
703

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...