5G garşy aksessuarlaryň saglyk üçin howpludygy anyklandy

  • 22.12.2021 11:56
  • 6.1k+

Niderlandlaryň Milli jemgyýetiň saglygyny goraýyş we daşky gurşaw institutynyň alymlary 5G-niň täsirinden goraýan aksessuarlaryň howpludygy barada aýtdylar. Degişli duýduryş Niderlandlaryň Ýadro howpsuzlygy we radiasiýa goragy boýunça edarasynyň (ANVS) saýtynda ýerleşdirildi diýip, lenta.ru habar berýär.

Gözlegleriň netijesine görä, bileziklerde, kwant bezeglerinde we uky üçin maskalarda ionlaşdyryjy şöhlelenme ýüze çykaryldy. Alymlar bezeg önümlerinde radiasiýanyň ölçeg derejesiniň pesdigini, saglyk bilen bagly meseleleriň ýüze çykma töwekgelçiliginiň uly däldigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde uzak wagtlap üznüksiz dakmak soňlugy bilen saglyk üçin zyýanly bolup biler. Hususan-da, ionlaşdyryjy şöhlelenme deriniň gyzarmagyna sebäp bolup biler. 
Şunuň bilen baglylykda, sarp edijilere “otrisatel ionlar” bilen doýgun predmetleri ulanmakdan ýüz öwürmek maslahat berilýär. Şol bir wagtyň özünde gollandiýaly düzgünleşdiriji bu duýduryşyň ion howa arassalaýjylaryna degişli däldigini belledi. Şeýle-de, düzüminde radiasiýa materiallaryny saklaýan predmetleriň Niderlandlarda hereket edýän kanuna laýyklykda, satylmagynyň gadagan edilendigi bellenilýär. 

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....